2021-2022 futbol möwsüminde Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň
Kubogynda Türkmenistanyň futbol toparlarynyň üçüsi çykyş etmäge mümkinçilik
alar. Bu barada AFK tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna iberilen
resmi hatda beýan edilýär.
Resmi hatda görkezilişi ýaly, şu ýyl dowam edýän Türkmenistanyň Futbol
çempionatynyň ýeňijisi 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn
bäsleşiginde çykyş eder.
Türkmenistanyň Kubogy-2020-niň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň
Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Şu ýyl
Türkmenistanyň Futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan topar bolsa AFK-
nyň Kubogynyň deslapky tapgyrynda çykyş eder.
Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar
bolsa, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň
çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny
eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji
aýlawyna 25-nji awgustda  badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol
çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”,
“Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýändigini
ýatladýarys.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”
topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda
degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga
wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji
duşuşyklary 30-31-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 19-20-nji sentýabrda
geçiriler.
Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdançalarynda
geçirerler.
Çärýekfinalyň tertibi:
“Ahal” – “Aşgabat”/“Altyn Asyr” – “Energetik”
“Köpetdag” – “Merw”/“Şagadam” – “Nebitçi”