Xiaomi kompaniýasy golaýda özüniň täze önümi üçin Ýoupin kraudfanding
platformasynda maýa goýum toplamaga başlady. Bu arzançy Redmi brendi
astyndaky Airdots 2 ulgamy doly simsiz gulakjynlydyr.
Youpin arkaly toparlaýyn sermaýa toplamak işine goşulyp, öňünden buýurma
edenlere Redmi AirDots 2 garniturasy bary-ýogy 11 dollara barabar bolar. Doly
görnüşdäki lomaý we bölek söwda çykandan soň bolsa, bu aksessuar az-kem
gymmadrak – 14 dollardan başlanýan nyrhlarda satylmagyna garaşylýar.
Ýatladyp geçsek, “Hytaýça Apple-niň” häzirki brendi orginal Redmi AirDots
garniturasyny gowulandyryp RedmiAirDots S modelini hem hödür etdi. Gyzykly
ýeri, indi onuň ikinji nesli – Redmi Airdots 2-ä garanda tehnik häsiýetlerinde hiç
hili tapawutly taraplary ýok.
Redmi AirDots 2 modeli hem öňküler ýaly Bluetooth 5.0 interfeýsi arkaly
baglanyşdyrylýar. Gulakjynyň diametri hem öňküler ýaly – 7,2 millimetr her bir
tarapy bolsa 4,1 gramdyr. Dewaýsda DSP derejesinde şowhunyň öňüni alyş
tehnikasy ulanylan we sesli kömekçi işlenilmeleri ulanylypdyr.