Aziýanyň Futbol konfederasiýasy paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» futbol
toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Mämmet
Orazmuhammedowa AFK-nyň kubogynyň soňky ýyllardaky iň gowy
derwezeçileriniň bäşliginden orun berdi. Has takygy, konfederasiýa türkmenistanly
derwezeçiniň mundan iki ýyl öň bir urgyny gaýtadan pursadyny AFK-nyň
kubogynda soňky ýyllardaky iň gowy halas edişleriň saýlama bäşliginde görkezdi.
Şol pursatda, «Altyn Asyryň» 2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hindistanyň
«Bengaluru» topary bilen geçiren duşuşygy göz öňünde tutulýar. Duşuşykda
garşydaş toparyň tejribeli hüjümçisi Sunil Çetriniň hüjümiň sag ganatyndan getirip,
derwezä bat bilen gönükdiren pökgüsini ildeşimiz ussatlyk bilen gaýtaryp,
toparyny göni gelen howpdan halas edipdi. Bu täsin gaýtaryş AFK-nyň kubogynda
soňky ýyllardaky ussatlarça halas edişleriň hataryna goşuldy.
Şol bir wagtyň özünde AFK resmi saýtynda bäş derwezeçiniň hem howply
pökgüleri gaýtarýan pursatlaryny paýlaşyp, ses berlişik yglan etdi. 6-njy awgustda
tamamlanjak ses berlişikde Mämmet Orazmuhammedowdan başga-da,
Iordaniýanyň «Al-Şababynyň» öňki derwezeçisi Loai Al Amaireh, Malaýziýanyň
«Johor Darul Taziminiň» derwezeçisi Izham Tarmizi, Singapuryň «Home
Ýunaýtediniň» derwezeçisi Hassan Sunny we «Al-Ahediň» derwezeçisi Ali Daher
bar.
Ses berlişigiň AFK-nyň resmi saýtynda dowam edýändigini ýatladýarys.