Bilşimiz ýaly, bu Ispan serialy häzirki wagta çenli jemi 4 möwsümdir tomaşaçylara ýetirlip gelinýär. Ilkinji möwsümi 02.05-23.11.2017ý. seneler aralygynda 15 bölümden ybarat boljak şekilde Antena 3 teleýaýlymynda görkezildi.
Serial iñlisçe “Money Heist”, rusça “Бумажный Дом” atlary bilen tanalyp, Alex Pina tarapyndan ýola goýuldy. Mowzugy ogurlyk we jenaýatdyr.
2017-nji ýylyñ soñlarynda Netflix internet platformasy serialyñ hemme sanly/digital görnüşlerini satyn alyp, gysga wagtyñ içinde 2 möwsüme bölüp, 22 sany kiçi bölümlerden ybarat boljak şekilde öz tölegli platformasynda ýaýlyma goýdy. 2018-nji ýylyñ aprel aýynda Netflix bu serialyñ töleglerini artdyryp, ýene-de 16 sany täze bölümi buýurdy/zakaz etdi.
Üçünji möwsümiñ 8 bölümi 19.07.2019ý. senesinde ýaýlyma goýuldy. Dördünji möwsümiñ 8 bölümi-de 03.04.2020ý. senesinde ýaýlyma goýuldy. Esasy bellemeli zat, bu ispan serialyñ 3-nji möwsümi ýaýlyma goýulan ilkinji hepdesi Netflix internet platformasynyñ 34355956 agzasy tarapyndan tomaşa edildi. Jemi tomaşaçylaryñ 70%-ni deñ bolan 24 million agza hasaplar, bu 3-nji möwsümi çykan hepdesinde tomaşa edipdi. Bu görkeziji Netflixde iñlis dilinde gürleşilmeýän diller arasynda iñ köp tomaşa edilen serialdyr.
Halkara Emmy baýragynyñ “Iñ gowy drama serialy” kategoriýasynda Baş baýraga mynasyp hem boldy. Bu serial IMDB-däki 10 ba:ldan 8.4-ne mynasyp boldy. Serialyñ esasy gahrymany Professor lakamly bolup, beýleki 8 sany gahrymanyñ atlary hem 5 materikden 8 sany metropolis şäherleriñ adyndan alynandyr, olar: Tokio, Moskwa, Nairobi, Berlin, Rio, Oslo, Helsinki, Denwer. Bu adamlaryñ hemmejesi şahsy durmuşlarynda jenaýatçylyk bilen arabaglanyşykly bolup, hemmesini Professor bir maksat ugrunda, ýagny Ispaniýa Merkez Bañkyny soýmak üçin jemleýär. Soñra bu seriala Stokolm, Bogota ýaly kişiler/şäherler hem goşulyp, serialy has hem gyzyklandyrdylar.
Ýañy ýakynda, 31.07.2020ý. senesinde bu serialyñ ýolbaşçylary 5-nji möwsümini final hökmünde wideoýazga geçirjekdiklerini, ilkinji bölümlerini Daniýada, soñkularyny bolsa Ispaniýa hem-de Portugaliýada dowam etjekdiklerini, Netflix internet platformasynda bolsa 2021-nji ýylyñ güýz paslynda tomaşaçylara ýetiriljekdigini mälim etdiler. Bu möwsümiñ adynyñ “Ogurlyk soñlanýar” goýuljakdygyny hem aýdyp geçdiler.
Hudaýberdi Baýew