Türkmenistanda onlaýn söwdanyň ösüşi barada Agageldi Italmazowyň
“Türkmenistan” gazetinde neşir edilen “Onlaýn söwda: gapyda kabul ediň!” atly
makalasynda mysallar bilen görkezilýär. Bu gyzykly we peýdaly makalany siziň
bilen paýlaşýarys.
Tehnologiýa adamyň mümkinçiliklerini şeýle bir giňeltdi welin, bu gün
mundan 10 — 20 ýyl ozal düýşümize-de girmedik zatlary aňsatlyk bilen amal edip
bilýäris. Ýönekeýje mysal: indi haýsydyr bir öý goşuny ýa-da başga harydy almak
üçin dükandan-dükana, bazardan-bazara aýlanyp, wagt ýitirip ýörmek gerek däl.
Gerekli harydyňy öýde oturan ýeriňde, çaý başynda internete girip saýlap, diňe
saýlamagam däl, öýe çenli getirdip bolýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, eltip bermek
hyzmaty biziň ýurdumyzda hem gerimini barha giňeldýär. Munuň üçin köp sanly
internet saýtlary we mobil programmalar döredildi. Hususy taraplar, kiçi
telekeçilik emele geldi, hatda käbir iri kärhanalaryň resmi saýtlarynda hem onlaýn
söwda üçin bölümler açyldy. Şunda müşderiler her dürli ýeňillikler bilen
höweslendirilýär.
Häzirki günlerde eltip bermek hyzmatynyň ähmiýeti has uly. Şuny nazarda
tutup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýakynda öz resmi
saýtynda ýurdumyzyň çäklerinde gyzgyn naharlary, azyk önümlerini we hojalyk
harytlaryny eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýan hususy taraplaryň sanawyny
ýerleşdirdi.
Aşgabat şäherinde onlaýn söwda
Aşgabat şäherindäki hyzmatlardan başlanýan sanawda dürli konditer
önümlerini we gyzgyn naharlary öýe eltip berýän garbanyşhanalaryň 13 sanysy
görkezilýär. Olardan «Kenek», «Talhan» kafeterileri we «Şokolad» restorany diňe
konditer önümlerini eltip bermäge ýöriteleşdirilendir. Öýe gyzgyn naharlary
getirtmek isleýän paýtagtlylar bolsa «Sim-Sim», «Aşgabat», «Çatma», «Soltan»,
«Argentina», «Umyt», «Köpetdag» we «AlpET» restoranlaryna ýüz tutup bilerler.
«MB» we «Hezzet» restoranlary bolsa, hem konditer önümlerini, hem-de gyzgyn
nahar eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler.
Agzalan sanawda paýtagtymyz boýunça azyk önümlerini we hojalyk
harytlaryny eltip berýän söwda merkezleriniň 6-sy görkezilipdir. Has takygy,
paýtagtymyz boýunça bu hyzmaty «Halk market», «Milli market», «Hezzet
market», «Paýtagt market», «Altyn market» we «365 gün market» söwda
merkezleri amala aşyrýar.
Ýeri gelende, TSTB-niň resmi saýtynda ýokarda agzalan we ýurdumyzyň
sebitleri boýunça aşakda görkeziljek hyzmat merkezleriniň telefon belgileriniň
ýerleşdirilendigini hem aýtmak gerek. Görkezilen belgä jaň edip, her kim gerekli
zadyny sargyt edip biler.
Ýokarda aýdyşymyz ýaly, eltip bermek hyzmatyny öz işiniň esasy ugruna
öwren wirtual taraplar hem bar. Olar ýöriteleşdirilen internet saýtlary we mobil
programmalarydyr. Agzalan sanawda bu hyzmatlar boýunça «www.giper.com»,
«www.isleg.com», «www.menu.tm», «www.100haryt.com»,

«www.saraylyhouse.com», «www.nur.market» internet saýtlarynyň we «giper.tm»,
«menu.tm» mobil programmalarynyň atlary görkezilýär. Bu internet gurluşlary
arkaly gyzgyn naharlary hem, azyk önümleridir hojalyk harytlaryny hem sargyt
edip bolýar. Ýeri gelende aýtsak, ýokarda görkezilen garbanyşhanalar, söwda
merkezleri we internet gurluşlary diňe paýtagtymyza däl, eýsem, Ahal
welaýatynyň hem etraplarynyň birnäçesine hyzmat edýär. Internet saýtlarydyr
mobil programmalaryň arasynda tutuş ýurt derejesinde hyzmat edýänleri-de bar.
Mary welaýatynda onlaýn söwda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Mary welaýaty
boýunça «Belent», «Safi», «Kristal», «Görelde» we «Uly bag» ýaly restorandyr
kafeterileriň gyzgyn naharlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýandygyny
habar berýär. Azyk önümleridir hojalyk harytlaryny bolsa «Görelde», «Täze Aý»,
«Täze gün», «Stambul» we «Belent» söwda merkezlerine sargap bolar.
Lebap welaýatynda onlaýn söwda
Gyzgyn naharlary öýe eltip bermek boýunça Lebap welaýatynyň merkezi
şäherinde garbanyşhanalaryň 10-a golaýy görkezilýär. Olaryň arasynda «Fitçi
House» tiz tagam merkezi we «Traktir», «Praga», «Kardeliýa», «Ýaprak»,
«Maksatly», «Aladdin», «Duşuşyk» we «Kyrk gyz» garbanyşhanalary bar. Şäherde
we onuň ýakalarynda telekeçiler Ýoldaş Guzyýewiň, Ýusup Umarowyň, Gülşat
Babanazarowanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «Halk market», «Kämil market»
söwda toplumlarynyň welaýatdaky şahamçalary dürli azyk önümleridir hojalyk
harytlaryny eltip bermek hyzmatyny alyp barýar.
Daşoguz welaýatynda onlaýn söwda
Daşoguz welaýatyndan gyzgyn naharlary eltip bermek üçin TSTB-niň
sanawyna dürli garbanyşhanalaryň 9-sy girizilipdir. Olaryň hatarynda welaýat
merkezindäki «Bagtyýarlyk», «Gözel» restoranlary, «Güneş», «Laçyn»,
«Arkadaş», «Bäş ýyldyz», «Jana» hem-de telekeçiler Bahadyr Kadyrowyň, Halbibi
Kakabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky kafeler bar. Azyk önümleridir hojalyk
harytlaryny eltip bermek hyzmatlaryny bolsa «Kämil market» bilen «Millenium
market» alyp barýar.
Balkan welaýatynda onlaýn söwda
Balkan welaýaty boýunça sanaw has uly. Hatda hyzmat merkezleri welaýatyň
käbir etrapdyr şäherleri boýunça bölünipdir. Mysal üçin, Balkanabat şäherinde
ýaşaýan bolsaňyz, gyzgyn naharlary «Milli tagam», «Burawçy», «Uly Balkan»
kafelerinden we «Zemin» restoranyna sargap bolar. «Merw», «A», «Halk»,
«Lomaý we bölek» marketleri bolsa şäheriň ilatyna azyk önümlerini we hojalyk
harytlaryny eltip berýär. Türkmenbaşy şäherinde gyzgyn naharlary sargamak üçin
«Zemin» restoranyna we «Akpamyk» kafeterisine ýüz tutmaly. «Şanly» we
«Kuwwatly» söwda merkezleri bolsa azykdan we hojalyk harytlaryndan ýüküňizi
ýetirer!

Welaýat boýunça sanawy Serdar şäherindäki hyzmatlar jemleýär. Şäherde
gyzgyn naharlary «Ýekeje» we «Aýperi» garbanyşhanalaryna, azyk önümleridir
hojalyk harytlaryny gök önümler we miweler dükanyndan, «Aýly agşam» söwda
merkezinden we şäherdäki käbir azyk dükanlaryndan getirtmek mümkin.
Häzir islendik garbanyşhana ýa-da söwda merkezi eltip bermek hyzmatyna
döwtalap. Olar bu işi biri-birinden gowy ýerine ýetirýärler. Önümiň hili, naharyň
tagamy we wagt — olaryň ählisi-de — esasy ýörelge. Şonuň üçin hem
ýurdumyzda eltip bermek hyzmaty barha ösýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda satyjy-
müşderi gatnaşygy gün-günden kämilleşýär.