Türkmenistanyň uçar benzininiň Gruziýa eksporty 2020-nji ýylyň başyndan
bäri takmynan iki esse ýokarlandy.
Şu ýylyň birinji ýarymynda bu ýurda 22.9 müň tonna uçar ýangyjy iberildi, bu
bolsa, Gruziýanyň uçar ýangyjynyň umumy importynyň 80 göterimini düzýär.
Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijiler birleşiginiň habaryna görä,
Türkmenistan gruzin bazaryna benzin we dizel ýangyjyny üpjün edýän dört esasy
ýurtlaryň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan bu önümleriň 50
müň tonnadan gowragy satyn alyndy, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende 8 müň tonna artykdyr.
Şu ýylyň fewral aýynda Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demir ýol
kompaniýalary Türkmenistanyň nebit önümlerini möwsümleýin üstaşyr geçmek
boýunça noýabra çenli hereket etjek şertnama gol çekdiler.
Şeýle-de 2019-njy ýylda Dubendi we Alat nebit terminallaryndan 360 müň
tonnadan gowrak türkmen nebit we nebit önümleri daşaldy.
Gruziýa şu ýyl ilkinji sapar adaty oktan A-91 kysymly ýangyjy
Türkmenistandan import edipdi.
Türkmenistan Gruziýa uçar benzininiň eksporty 6 aýda 2 esse artdy
