Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de
ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan
Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda
ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda
möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine
polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk
enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam
Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Daşary işler ministrligine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer
kömek hökmünde iberiljek lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegini we
guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek, degişli ministrliklere we
pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bolsa ähli ýardamlary bermek tabşyryldy.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistan Owganystana lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde iberýär
Türkmenistan Owganystana lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde iberýär
