Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sanlylaşdyrmak we maglumat
aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak boýunça degişli işleri alyp barmak we
dünýä maglumatlar giňişligindäki ornuny giňeltmek arkaly öz işiniň elektron
görnüşini güýçlendirýär.
Ýakynda Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini,
milli Liderimiziň amala aşyrýan üstünlikli syýasatyny giňden ýaýmaga,
ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny dessin beýan etmäge gönükdirilen web-
serişdelerinde täze üýtgetmeleriň birbada birnäçesi girizildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna
bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy.
Elektron kitaphanada türkmen dilindäkiden başga-da, dünýä dilleriniň 20-den
gowragyna terjime edilen kitaplary okamak bolýar. Özi-de kitaplar bu ýerde 3D
görnüşinde hödürlenilýär, okalýan wagtynda bolsa ugurdaş ses şekil bilen utgaşýar.
Şonuň ýaly-da, bu saýtda ýene-de bir täze bölüm — Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi açyldy. Bu
wirtual sergide Diýarymyzyň ähli pudaklary, olaryň esasy edaralary we
kärhanalary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler, şol sanda daşary
ýurtlara ibermäge niýetlenen önümler görkezilýär.
Bulardan başga-da, Daşary işler ministrligi elektron görnüşdäki «Halkara
täzelikler» gazetiniň işini ýola goýdy. Onuň ilkinji sany daşary syýasat edarasynyň
saýtynda ýerleşdirildi.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Türkmenistanyň DIM-i elektron maglumat serişdeleriniň gerimini giňeldýär
Türkmenistanyň DIM-i elektron maglumat serişdeleriniň gerimini giňeldýär
