Awstraliýada ýerleşýän, kriptografik walýutalary kabul edýän onlaýn syýahatçylyk
agentligi Travala.com duşenbe güni Singapurda ýerleşýän myhmanhana bron
ulgamy Agoda bilen şertnama baglaşdy. Ylalaşygyň şertlerine görä, Travala.com-
yň ulanyjylary indi Agoda ulgamynda görkezilen myhmanhanalaryň islendik
birinden ýer bronlamak üçin kriptografik walýuta töläp bilerler. Ulanyjylar tölegi
Bitkoýn ýaly 30-a golaý sanly walýuta arkaly amala aşyryp bilerler diýip,
"Coindesk" belleýär. Agoda ulgamynda bolsa, takmynan, 600 müň myhmanhana
bar. Bu barada kommersant.ru habar berýär.
Travala düzüminde dünýä boýunça 700 müňe golaý myhmanhanasy bar hasap
edilýän Amerikanyň ätiýaçlyk gullugy Expedia Group bilen hem şuňa meňzeş
şertnama baglaşypdy. Diýmek, öň Expedia töleg üçin kriptografik walýutalary
eýýäm kabul edipdi, ýöne ol bu işi 2018-nji ýylda bes etdi. "Olaryň bron ulgamy
kriptografik walýutalary ýaly kabul etmekde biziňkilerçe gowy däl. Bitkoýn
töleglerini kabul etmek olar üçin ýeňiljek düýş görmekdi" diýip, Travala.com-yň
baş direktory "Coindeske" aýtdy.
Dünýäde 600 müň myhmanhana kriptowalýuta kabul edip başlar
