Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan
Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrut şäheriniň portunda bolup geçen
partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli
weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we
Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň
maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we
medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary
baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Liwanyň saglygy goraýyş ministri Hamad Hasanyň bellemegine görä, aradan
çykanlaryň sany çarşenbe güni agşam 135 adam ýetdi, 80 adam dereksiz ýiten
hasaplanylýar. 5 müň adam ýaralandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
