5-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam
edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we
türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp
tamamlady.
Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Arkadag Prezidentimiz täze kitabynda
halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-
pikirlerini beýan etmek bilen, halkymyzyň ýagşy dessurlaryna, olaryň
Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde
eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.
Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak,
giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly
meseleler esasy orun eýeleýär. Häzirki döwürde bu ugurda döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda maksada
gönükdirilen ylmy işler geçirilýär.
Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň
abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş
ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary,
ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Şeýle hem kitapda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç
bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Eserde
halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti
hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi barada
aýdylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy
dessurlary, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly
parasatly oý-pikirlerini jemläp, täze esere «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»
diýip at goýdy. Döwlet Baştutanymyz täze kitaby ýazyp tamamlady hem-de
ony neşire berdi.