«Türkmenhowaýollary» agentligi pnewmoniýanyň getirilmeginiň we
ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, uçuşlara gelen Türkmenistanyň
we daşary ýurt raýatlaryndan ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlardan
mundan beýläk COVID-19 keseliniň ýokdugy barada ýörite kepilnama talap
ediljekdigini habar berdi.
Kepilnamasy bolmadyk adamlara uçmaga rugsat berilmez.
Goşmaça maglumat üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz:
39-17-17; 39-17-18; 39-17-20.
E-poçta: hgbgsoragjogap@online.tm
«Türkmenhowaýollary» uçuşlara goşmaça çäreleri girizýär
