Öň, «Türkmenhowaýollary» agentligi pnewmoniýanyň getirilmeginiň we
ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, uçuşlara çäklendirme
girizendigini habar beripdi. Muňa laýyklykda, Türkmenistanyň we daşary ýurt
raýatlaryndan ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlardan mundan beýläk COVID-19
keseliniň ýokdugy barada ýörite kepilnama talap ediler. Kepilnamasy bolmadyk
adamlara uçmaga rugsat berilmez.
Goşmaça çäklendirmeleriň çäginde habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylyň 10-njy
awgustyndan başlap Aşgabada gelýänlere we welaýatlara uçýan ýolagçylara ýany
bilen saglygy barada güwänama görkezmeklik talap ediler. Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli güwänamasy
bolmadyk ýagdaýynda raýatlara uçuşlara goýberilmez. Güwänamalaryň möhleti 72
sagat.