Aşgabadyň lukmançylyk pamygyny we kosmetiki pamyk serişdelerini
çykarýan kärhanasynda bir gezek ulanylýan agyz-burun örtüklerini çykarýan
awtomatik enjamyň sazlaýyş-işe goýberiş işleri tamamlanyp barýar. Dem alyş
agzalaryny goraýan serişdäni taýýarlamak üçin ýurdumyzda öndürilýän
dokalmaýan sapnbond materialy ulanylar. Kärhanada oturdylan doly awtomatik
usulda işleýän enjamda minutda ýüze golaý önüm çykarylar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary-da dem alyş
agzalaryny goraýan serişdeleri çykarýarlar. Ýurdumyzyň baýry kärhanasy bolan
Aşgabadyň «Bahar» tikinçilik fabriginde nah matadan köp gezek ulanylýan
lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze seh Juki
kompaniýasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen. Bu ýerde ugurdaş
enjamlaryň altmyşdan gowragy oturdyly, olar her gün şahsy gorag serişdeleriniň
birnäçe müňüsini çykarmaga niýetlenendir.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Aşgabatda bir gezek ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtüklerini öndürýän enjam işe giriziler
Aşgabatda bir gezek ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtüklerini öndürýän enjam işe giriziler
