Türkmenistanyň futbol çempionatyna wekilçilik edýän toparlaryň ikisi AFK-
nyň Kubogynyň nobatdaky möwsüminde çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Kubogy-2020-niň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň
Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder. Şu ýyl Türkmenistanyň Futbol
çempionatyny ikinji hatarda tamamlan topar bolsa AFK-nyň Kubogynyň deslapky
tapgyrynda bäsleşer.
Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar
bolsa, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň
çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny
eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Toparlarymyz bilen birlikde AFK-nyň Kubogynyň Merkezi Aziýa zolagynyň
toparçalaýyn bäsleşiginde Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň toparlary hem
çykyş ederler. Owganystanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolsa deslapky
tapgyrdan ýaryşa goşular.
Şeýle-de, Özbegistanyň (Merkezi Aziýa zolagy) hem-de Filippinleriň
(ASEAN zolagy) futbol çempionatlarynyň hersinden bir topara AFK-nyň
Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde goşmaça çykyş etmäge mümkinçiligiň
döredilendigini hem bellemek gerek.
AFK-nyň Çempionlar ligasyna hem-de AFK-nyň Kubogyna gatnaşmak üçin
toparlaryň hemmesiniň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynda degişli ýaryşlara
gabat gelýän ygtyýarlandyryşy geçmekleri hökmany ýagdaý bolup durýar.
Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna 25-nji
awgustda  badalga berilýändigini ýatladýarys.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”
topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda
degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga
wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.