Dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan “Toshiba” kompýuterleriň we
noutbuklaryň önümçiligini bes etdi. Ýaponiýanyň “Sharp” kompaniýasy bu
öndürijiden ähli paýnamalary satyn alandygyny we “Dynabook” brendi esasynda
doly eýeçiligini ýola goýjakdygyny beýan edýär.
“Toshiba” noutbuk segmentine ünsi jemleýän kompýuter bazaryndaky
kompaniýalaryň esasylarynyň biridir. Ýaponlar ilkinji noutbuklary 1985-nji ýylda
öndürip başladylar, XX we XXI asyryň başynda bolsa bu kompaniýa bazaryň
esasy lideri boldy. Şeýle-de bolsa, bu önümçilik häzir özüniň birkemsiz işini
tamamlady.
2018-nji ýylyň güýzünde “Sharp” kompaniýasy “Toshiba”-nyň eýeçiligindäki
GR bölümine degişli paýnamalaryň 80,1%-ini satyn aldy, bu meşhur markanyň
ösüşlerinden peýdalanmak hukugyny, şeýle hem “Dynabook” markasy bilen
noutbuklaryň satuwyny ýola goýmagy üpjün etdi. Bu özara baglanyşykly şertnama
indi doly dereje ahyrlandy diýip bolar.
Häzirki wagtda “Sharp” kompaniýasy paýnamalaryň galan 19,9%-ini hem
eýeledi, netijede hem bu ýagdaý “Toshiba-nyň” kompýuter bazaryndaky 35 ýyllyk
tejribesiniň ahyrlanmagyna getirdi. Indi bolsa “Sharp” kompaniýasy şol esasda
“Dynabook” brendiniň Ýewropada we ABŞ-da satuwyny giňeltmegi we
artdyrmagy meýilleşdirýär. “Toshiba” barada aýdylanda bolsa, kompaniýanyň
gaýtadan kompýuter önümçiligine dolanjakdygy barada hiç hili maglumat
berilmeýär.
“Toshiba” indi kompýuterleri öndürmez
