Awgustyň 16-syndan 17-sine geçilýän gije ABŞ-nyň Newada ştatyndaky
APEX arenada söweş sungatynyň meşhur UFC çempionatynyň tomusky iň
gyzykly seriýalarynyň biri — UFC 252 geçiriler. Bu seriýanyň iň gyzykly
tutluşygy öz aralarynda eýýäm sekizburçlyk ringde bassyr üçünji gezek duşuşýan
Stipe Miýoçiç bilen Daniýel Kormiýeniň arasynda bolup geçer.
Bu tutluşygyň baş maksady agyr agram derejesinde çempionlyk guşagyny
almak ugrunda bolar. Mundan başga-da, UFC 252 seriýasynyň çäginde reýtingdäki
öňdäki orunlara dalaşgärlik edýän Junior dos Santos bilen Jairzinýo Rozenstruýk
özara tutluşyk geçirer.
Şol gün oktagona UFC ýaryşlarynyň çäginde söweş ýoluny hiç ýeňilmän
dowam edip gelýän Şon Saharok O’Melli (şahsy rekordy 12-0) hem çykar. Ruslar
üçin bolsa Ion Kutelab bilen gaýtadan göreşmek isleýän Magomed Ankalaýewiň
geçirjek duşuşygy has gyzykly bolsa gerek. Bu tutluşyklaryň ählisine ýörite
internet saýtlaryň sahypalarynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.