Duşenbe güni irdene çenli ICE Futures london biržasynda Brent nebitine
oktýabr fýuçersleri 0,49 dollar (1,10%) – barreline 44,89 dollara çenli
gymmatlady. Geçen anna güni demirgazyk deňiz nebiti 0,69 dollar (1,5%), ýagny
barreline 44,4 dollara çenli arzanlady.
Nebitiň dünýä bahasynyň pese düşmegi penşenbe güni hem bellige alyndy.
Nýu-Ýorkda WTI tehas nebitine sentýabr fýuçersleriniň bahasy söwdanyň jemi
boýunça 0,24 dollar pese gaçdy we barreline 41,95 dollara barabar boldy.
Londonda Fýuçers şertnamalarynyň kontinentara biržasynda Brent nebitine
oktýabr şertnamalarynyň bahasy 0,08 dollar, ýagny barreline 45,09 dollara çenli
arzanlady.
Nebit bahalarynyň häzirki ösüşini köp analitikler ABŞ-nyň prezidenti Donald
Tramp tarapyndan kabul edilýän ykdysadyýeti dikeltmek boýunça çäreler bilen
düşündirýärler. Aýratynam, onuň permanlarynyň biri koronawirus pandemiýasy
sebäpli işsiz galan onlarça million amerikanlar üçin işsizlik boýunça kömek puluna
goşmaça tölegleri bölekleýin yzyna gaýtarýar. Permana laýyklykda, hepdede 400
dollara barabar bolýan tölegler Federal hökümeti tarapyndan 75% we ştatlaryň
häkimiýeti tarapyndan 25% maliýeleşdiriler.
Goşmaça bellesek, nebit bahalary geçen hepdede 4-nji awgustda uly
partlamanyň bolup geçen ýeri bolan Beýrutyň portundaky adatdan daşary
hadysadan soň ösdi. Brent söwda belgili nebite oktýabr fýuçersleri 0,68%, WTI
nebiti sentýabrdaky üpjünçiligi bilen 1,68% gymmatlady. Dollaryň hümmeti bolup
geçen hadysadan soň esasy dünýä walýutalaryna 0,15% pese gaçyşy görkezdi.
Ýöne anna gününe çenli ýagdaýlar üýtgedi.