Türkmenistanyň Içeri Ministrliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugy
tarapyndan Foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiň
kadalarynyň bozulanlygy üçin Adminstratiw hukuk bozulma barada iş boýunça
ýörite Kararyň asyl nusgasyny we Kanuna laýyklykda kesgitlenen jerime
tölegleriň ulagyň eýesiniň salgysyna “Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk
kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tiz we wagtynda gowşurmak hyzmatyny
ýola goýulandygy barada Türkmenistanyň Teleýaýlymlarynda berilýän bildirişde
aýdylyp geçilýär.
Bildirişde aýdylyşyna görä jerime töleglerini Aşgabat şäheriniň we welaýat
merkezleriniň ähli poçta nokatlarynda we şahamçalarynda nagt we nägt däl
görnüşinde töleg geçirip bilinýär. Sürüjiler islese
tölegi https://www.turkmenpost.gov.tm/ saýtynyň üsti bilen onlaýn töläp biler,
şonda, tölegiň geçendigi barada SMS geler.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Sürüjiler jerime töleglerini «Türkmenpoçtanyň» üsti bilen onlaýn töläp bilerler
Sürüjiler jerime töleglerini «Türkmenpoçtanyň» üsti bilen onlaýn töläp bilerler

RU












