Wideokonferensiýa görnüşinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň
daşary işler ministrleriniň mejlisinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin
hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň
arasyndaky sazlaşykly özarahereketleriň global derejede koronawirus ýokanjynyň
ýaýran döwründe has hem işjeňleşdirilendigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çykyşlaryň dowamynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
boýunça bilelikdäki ösüş, raýdaşlyk we hemmetaraplaýyn goldaw bermek
ýörelgelerine daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň bu formatynyň netijeli häsiýeti
aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, dünýä
jemgyýetçiliginiň täze ýokanjyň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barýan häzirki
şertlerinde ýer ýüzüniň möhüm sebiti hökmünde Merkezi Aziýa döwletlerini hem-
de Ýaponiýany birleşdirýän gatnaşyklaryň bu formaty hem öz nobatynda
adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan gaýragoýulmasyz meselesiniň çözgüdiniň
gözlenilmeginde çetde durup bilmez. Bu ugurda daşary işler ministrleriniň
nobatdaky mejlisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý hem-de ony ýeňip
geçmegiň mümkingadar ýollary dogrusynda pikir alyşmak üçin giň
mümkinçilikleri döredýändir.
Häzirki döwrüň wehimlerine garşy global jähtden jogabyň işlenilip
düzülmeginiň zerurlygyna esaslanmak bilen, pandemiýa garşy göreşmek
hereketlerinde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak prosesiniň işjeňleşdirilmegi
maksadalaýyk bolup durýandyr.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa»
Dialogynyň çäklerinde ýokanjyň täze görnüşine garşy göreşmekde gatnaşyjy-
döwletleriň raýdaşlyk hereketleriniň esasy ýörelgelerini hem-de ýokanç tarapyndan
ýüze çykarylýan keselleriň öňünden duýdurylmagyna we bejergisine gönükdirilen
takyk çäreleri özünde jemleýän Maksatnamalaýyn resminamanyň işlenilip
düzülmeginiň zerurlygy dogrusyndaky başlangyç bilen çykyş etdi. 
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýapon tarapyna
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş maksatlarynda resmi kömek
maksatnamasynyň çäklerinde lukmançylyk ulgamyndaky grant taslamasyny üpjün
etmäge taýýarlygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Mejlisiň çäklerinde ministrler şeýle-de «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa»
Dialogynyň öňde duran 8-nji mejlisiniň gün tertibi dogrusynda hem pikir
alyşdylar.