Doňdurma Ýer ýüzünde iň süýji, iň söýülýän süýjülikleriň biri hasap edilýär. Bu aýratynam, tomsuň yssy günlerinde adamlaryň şähdini açmaklary üçin iýýän esasy zadydyr. Onuň biz üçin nähili peýdasy barka? Doňdurmanyň hem, köp önümlerde bolşy ýaly peýdasy-da, zyýany-da bar. Bir tarapdan, onuň düzüminde organizmimize hoş ýakýan witaminler bar bolsa, beýleki bir tarapdan onuň düzümindäki şekeriň köplügi biz üçin zyýanly bolup
biler. Doňdurmanyň süýtli, gaýmakly, şokoladly, plombir ýaly giň ýaýran görnüşlerinden başga-da agramyny bir derejede saklamak isleýänler üçin ýörite ýagsyz görnüşleri, şeýle hem bejergi maksatlary bilen ulanylýan görnüşleri bar.
Peýdaly aýratynlyklary:
Doňdurmanyň düzüminde organizme peýdaly bolan 100 töweregi gymmatly elementler jemlenýär. Olardan 20 görnüş belok aminokisloty, 25 görnüş ýag kisloty, mineral duzuň, fermentleriň 30-sy we şeýle-de 20 dürli witamin, süňkleriň ösmegi üçin fosfor, magniý, kaliý we demir bar. Bu önüm biziň ýatkeşligimizi güýçlendirýär, keýpimizi göterýär we stress ýagdaýyndan saplanmaga kömek edýär. Häzirki wagtda doňdurmanyň ýogurt hili görnüşi hem giňden ýaýrandyr. Onuň düzüminde adaty plombirlerdäkiden köp peýdaly elementler bar.
Zyýanly taraplary:
Doňdurma ýokary derejede kaloriýaly önüm hasaplanansoň, ony saglyk ýagdaýyňa görä derejede çäkli iýmek maslahat berilýär. Şeýle-de ony gastritde iýmek ýaramaz ýagdaýlara getirip biler. Lukmanlar doňdurmany respirator keselleri bilen ýygy-ýygydan keselleýän adamlara iýmegi maslahat berenoklar. Eger doňdurma saharozadan ýasalan bolsa, onda ony diabetiklere iýmek bolmaýar. Ganynda holesterini köp mukdarda bolan adamlara bolsa mallaryň ýagy goşulan doňdurmalary iýmek bolýan däldir. Dietologlaryň pikirlerine görä, doňdurmanyň limonly, klubnikaly we beýleki aromatly görnüşlerini iýmek hem zyýanlydyr. Olar bu hili doňdurmalaryň organizme zyýan ýetirip bilýänligini tagam hem reňk taýdan ýaramaz elementleriň goşulýanlygyny aýtmak bilen düşündirýärler. Doňdurma köp iýlende ýa-da gyzyp gelen mahalyň iýlende kelle agyrynyň döremeginde hem sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden hem doňdurmany diňe laýyk şertler esasynda iýiň we ony dükandan satyn alan mahalyňyz, onuň peýdaly bolup durýan 3 aý möhletinden geçenini almaň!
Nurmyrat NURMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 214-nji toparyň talyby