Ulag serişdeleriniň hereket tizligi bilen bagly sowallar boýunça degişli
düzümleriň hukukçylary bilen maslahatlaşyp, Turkmenportal agentligi şulary
mälim edýär:
Birinjiden, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda
Kodeksiniň 214-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, bellenilen hereket
tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary
bolmadyk derejede artdyrylmagy üçin duýduryş berilmegine getirýär, ýagny sürüji
10 km/sag çenli tizligini ýokarlandyran halatynda oňa duýduryş yglan edilýär.
Ikinjiden, şu hukuk kadasy 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilip,
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda herekete girizilen we häzirki wagtda çenli
hereket edýär.
Mysal üçin, 60 km/sag hereket tizlik bilen etmeli ýerde 70 km/sag hereket
tizligi bilen hereket eden awtoulagyň sürüjisine duýduryş berilýär. 71 km/sag
hereket eden sürüjä 50 (elli) manat jerimesi salynýar.
Şunuň bilen birlikde, ýokardaky görkezilen Kodeksiň 43-nji maddasyna
laýyklykda, duýduryş administratiw temmisiniň bir görnüşi bolup, fiziki ýa-da
ýuridik şahslara bikanun hereketleriň ýol berilmesizligini resmi taýdan ýatlatmak
çäresi bolup durýar.
Hormatly sürüjiler, bellenilen hereket tizliginiň talaplaryny berjaý etmegiňizi
maslahatyny berýäris. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy!
Sürüjilere hereket tiziligi bilen bagly jerimeleriň salnyşy
