12-nji awgustda Türkmenistanyň konsuly G.Garaýewiň Russiýa
Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Gubernatory I.Ýu.Babuşkin bilen duşuşygy
geçirildi.
Duşuşygyň barşynda konsul gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň
nusgasyny gowşurdy. Gubernator konsula türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşine
gönükdirilen täze diplomatik wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.
Soňra taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli pudaklary boýunça
konstruktiw hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gämi
gurluşyk, bilim we Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk ýaly pudaklarda Astrahan
oblasty bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýarlyk bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda Astrahan oblastynyň Olýa deňiz portunyň ýakyn
geljekde degişli çäginde dörediljek aýratyn port ykdysady zolagynda
Türkmenistandan getiriljek harytlar üçin soňralygy bilen giňeldilmek şertleri bolan
logistika merkezini açmagyň mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda göni
howa gatnawlaryny ýola goýmak baradaky meselä hem seredip geçdiler. Bu bolsa
ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam, syýahatçylygyň we işewürligiň
ösdürilmegine bolsa itergi berer.
Türkmenistan RF-iň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
