12-nji awgustda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna
koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary
görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň
reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny
ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine
muzdsuz bermek tabşyryldy.