Smartfonlaryň önümçiligi bilen gysga döwrüň içinde adygan “Xiaomi”
tehnologik kompaniýa telewizor önümçilgine hem batly gadamlar bilen girdi. Iň
täsin ýeri hem kompaniýanyň täzeçe görnüşleriň üstünde iş alyp barýanlygydyr.
Has takygy kompaniýa ýakyn geljekde doly derejede aňyrsy görünýän şekilli
OLED telewizoryň önümçiligini ýola goýmak isleýär. Hünärmenler bu telewizoryň
köpçülik tarapyndan gyzgyn garşy alynjakdygyny belleýärler.
Aňyrsy görünýän matrisaly telewizorlar barada eýýäm birnäçe ýyllar bäri
gürrüň edilýär, “Panasonic” kompaniýasy beýle hili telewizory eýýäm döretmegi
hem başardy. Häzir bolsa “Xiaomi” kompaniýasy şeýle telewizory öndürmäge
ynamly girişdi. Onuň aýratynlygy, gfrafik taýdan ýokary özboluşlylyga eýe bolar.
“Mi TV Lux OLED” diýlip atlandyrylýan bu telewizor giň tomaşaçylar
köpçüligine ýetiriljek ilkinji aňyrsy görünýän telewizor bolar.
Telewizoryň gurluşy barada aýtsak, ol çarçuwasyz, diagonaly 55 dýuýma
barabar hem-de ini 5,7 millimetr ölçeginde bolar. OLED ekran DCI—P3 reňk
palitrasynyň 93,7 göterimini dolýar. Bu bolsa 1,07 million reňkiň
demonstrasiýasyna getirýär. Öndüriji hünärmenler munuň wideo oýunlary üçin
hem mümkinçilikli boljakdygyny belläp geçýärler.
Telewizoryň şekil aýratynlyklary Al Master Smart Engine prosessory bilen,
ses özboluşlylygy bolsa Al Master Audio ulgamy bilen üpjün ediler we bu häziki
wagtda iň netijeli ulgamlardyr. Bularyň ählisi MIUI for TV Android TV
dolandyryş esasynda işlemek bilen Always on Display dynç alyş mahalynda
işleýän ulgamy hem özünde jemlär. “Xiaomi TV Lux OLED Transparent edition”
telewizory 16-njy awgustda satuwa çykarylyp başlanar.