Katalonlaryň “Barselona” futbol topary baş tälimçisi Setýeniň wezipesine
Poçettinony, Kumany ýa-da Hawini göz öňüne tutýar.
Ispanlaryň ESPN habarlar gullugynyň maglumat bermegine laýyklykda,
katalon futbol toparynyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda nemesleriň
“Bawariýasy” bilen geçiren şowsuz duşuşygyndan soň, toparyň baş tälimçisi Kike
Setýeni wezipesinden boşadyp, onuň ornuna täze hödürlenýän dalaşgär
tälimçilerden birini çagyrmak isleýändigi habar berilýär. Bu şowsuz duşuşyk
“Bawariýa” toparynyň hasabyna 2:8 hasaby bilen tamamlanypdy we katalonlaryň
taryhynda örän seýrek duş gelen hadysa öwrülipdi.
Bu toparyň düzüminde Kike Setýeni topary üstünliklere ýetirip bilmänligini,
şeýle-de düzümdäki futbolçylaryň arasynda taktik taýdan agzybirligi ýola goýup
bilmänligini göz öňüne tutmak bilen täzelemek isleýärler. Şol sebäpden hem onuň
wezipesine dünýäniň iň meşhur tälimçileriniň birini çagyrmagy meýilleşdirýärler.
Bu wezipä dalaşgär hasaplanýan tälimçiler hökmünde argentinaly Maurisio
Poçettino, niderlandly Ronald Kuman we ispaniýaly Hawi dagyny görkezmek
bolar.
Poçettino iňlisleriň “Tottenhem” toparynyň düzüminden gaýdanyndan bäri
hiç ýerde tälimçilik edenok. Ol ýaşlygynda bolsa “Espanýolyň” düzüminde çykyş
edipdi. Ronald Kuman bolsa häzir Niderlandiýanyň milli ýygyndysyny
türgenleşdirmek bilen köp ýyllar katalon toparyna tälimçi bolmakdan boýun
gaçyrypdy. Ýogsam, Kuman öz karýerasynda bu toparyň düzüminde 1989 —
1995-nji ýyllar aralygynda üstünlikli çykyş edipdi. Bu işden Hawi hem şu ýylyň
ýanwarynda, ýagny topardan Ernesto Walwerde gideninden soň ylalaşyga
gelmekde boýun gaçyrypdy.
Poçettino, Kuman ýa-da Hawi…
