“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde Türkmenistanda
tölegleriň häzirki zaman hyzmatlaryndan, ýagny, internet banky, elektron söwda,
galtaşyksyz töleg ýaly hyzmatlardan peýdalanmak maslahat berildi. Bu ugurda
Türkmenistanda milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak babatda köp sanly işleriň
geçirilendigi bellenilip geçildi.
Bildirişde nagt däl töleg görnüşi tölegleri çaltlaşdyrmaga, gije-gündiz
artykmaçlyklardan peýdalanmaga kömek edýär we saglyk taýdan howpsuzlygy
üpjün edýändigi mälim edildi.
Türkmenistanyň Merkezi Banky nagt däl tölegleriň ähli amatlyklaryny
ulanmaga çagyrýar. Nagt pul almak üçin bankmotyň hyzmatlaryndan
peýdalanylanda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, nobata durlanda 2
metrlik howpsuz aralygy saklamak maslahat berilýär.
Bu maslahatlary ýerine ýetirmek bilen raýatlaryň saglygyny gorajakdygy we
olar üçin döredilen bank hyzmatlaryndan doly peýdalanjakdygy mälim edilýär.
Türkmenistanyň Merkezi banky nagt däl töleg etmegi maslahat berýär
