Golaýda surata düşürilip tomaşaçylara ýetiriljek “Batman” kino filminiň
ssenariçisi filmiň özboluşly taraplary barada gürrüň berdi. Bu täze dörediljek
filmiň ssenariçisi Mett Riwziň kärdeşi, bile iş alyp barýan hünärmen Matts Tomlin
“Den of Geek” neşirine beren interwýusynda degişli kinofilmiň gyzykly ýerleri
barada az-kem maglumatlary ýetirdi.
Täze dörediljek filmde Robert Pattisonyň wersiýasyna laýyklykda, filmiň
baş gahrymany bolan gara rysar ýaş hem bu ugurda tejribesiz, özüne ynamsyz
gahryman hökmünde çykyş eder. Onuň aýdyşyna görä, Betmen tomaşaçylaryň
garaşýan gahrymany ýaly bolmaz.
Bellemeli zatlaryň biri bolsa, baş gahrymanyň bu hili häsiýetleri Matt
Riwziň özüniň bu barada öň aýdan pikirleri, gahrymanyň häsiýetlerini özgertmek
baradaky aýdan sözleri bilen garşydaş gelýär.
Tomliniň aýratyn bellän zady bolsa hossarlaryny ýitirmek bilen Brýus
Weýnden alan ruhy ýaralary täze kartinada örän ýerlikli we täsin üýtgediler. Beýle
diýmek bilen Tomliniň nämäni göz öňüne tutýany belli bolmasa-da, munuň filmiň
mazmunynda aýdyň görünjekdigi welin mälimdir.
Gotemiň goraýjysynyň başdangeçirmeleri baradaky kinofilm ýene bir ýyldan
gowrak wagtdan, has anygy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ekranlarda peýda
bolar.
“Batman 2021” barada bilerin diýseň!
