Bilýän bolsaňyz, şu ýylyň başlaryna “Hyundai” ady bilen meşhur bolan
koreý awtomobil kompaniýasy Elantra kysmynyň täze neslini köpçülige
görkezipdi. Indi bolsa bu kompaniýa alyjylar köpçüligine has-da täzeçe, köp sanly
mümkinçilikler bilen üpjün edilen “Hyundai Elantra N Line” kysmyny tanyşdyrar.
Habar berlişine laýyklykda, bu awtoulag özüniň kuwwatly berkligi we agressiw
dizaýny bilen tapawutlanýar.
Täzeçe stilde önümçiligine başlanjak bu awtoulag kysmyny ajaýyp nowa,
spoýler, bamperler we öňki bezegler bilen doly üpjün edipdirler. Onuň radiator
gözenekleri öňki ýagdaýynda saklanyp, deşikleri täzeçe görnüşde ulaldylyp
bezelipdir.
“Elantra N Line” atlandyryljak täze awtoulagyň gurluş aýratynlyklary barada
ýene-de bellesek, onuň tigirleriniň 18 dýuýmlyk diskalar bilen, işlenen gazy
çykaryjy ulgamynyň bolsa goşalandyrylan görnüşde üpjün ediljekdigini aýtmak
bolýar. Güýç agregatynyň hyzmatynda 1,6 litrlik, 204 at güýjüne deň bolan
turbomotor bolar. Mundan başga-da, gürrüňi edilýän awtoulagyň öňki tigirleriniň
saklaýjy ulgamynyň güýçlendirilmegini hem bellemelidiris.
“Hyundai Elantra N Line” awtoulag kysmy ABŞ-nyň alyjylar köpçüligi
üçin şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar.