Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz
toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere
gözegçilik edýän düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, innowasion
tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri
üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleri görmek boýunça birnäçe tabşyryklary
berdi.
Türkmen Lideri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak barada hem wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.