Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýagdaýyny
seljermek hem-de şolarda işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada
degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlar bilen
baglylykda, ähli meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gaýtadan seretmegiň,
şunda diňe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň ileri tutulmagynyň
möhümdigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow geljek 2021-nji ýyl üçin gurluşyk
maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy
tabşyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gurluşyk senagatyny ösdürmäge uly
üns berilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly,
ähli önümçilik kuwwatlyklarynyň sazlaşykly ösdürilmelidigini nygtap, ýaşaýyş
jaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň
gurluşygyny güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika
halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik
geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işler dowam etdirilmelidir diýip, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa
goýumlaryny çekmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ýagdaýlary seljermegi
hem-de degişli netije çykarmagy wise-premýerden talap etdi.
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş giriziler
