Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, olaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Türkmen teleradioýaýlymlary ýapon kompaniýasyndan enjamlary satyn alar
Türkmen teleradioýaýlymlary ýapon kompaniýasyndan enjamlary satyn alar
