“Formula-1” görnüşli awtoýaryşlaryň gurnaýjysy, baş ýolbaşçylygy Amazon Web Services bilen bilelikde pilotlaryň umumy toplanan reýtingini düzdi. Bu barada bolsa “Formula-1-iň” öz resmi saýty maglumat berýär. Ähli döwürlerde umumy hasap boýunça awtoulagy iň tiz dolandyran pilotlaryň bu sanawynyň ilkinji basgançagynda braziliýaly Aýrton Sennanyň ady ýerleşdirildi.
Bu reýtingde professional “Formula-1” awtoýaryşlarynyň aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, onda diňe 1983-nji ýylyň netijelerinden başlap ýokary tizlikde dolandyrmagy başarýan pilotlar hasaba alyndy. Bu iki şereket bu hili deňeşdirme we köpleriň gyzyklanýan maglumatlaryny geljekde hem köpçülige ýetirmegi özleriniň baş maksady hasap edýärler. Onuň esasynda tötänleýin bolup geçen ýagdaýlardan başga ähli kwalifikasion sessiýalary bardyr.
Reýtingde pilotlaryň topar içi özara tapawutlary ýerleşdirilendir. Mundan başga-da, reýtingde olaryň ýaş aýratynlyklary we karýeralaryndaky uzak möhletleýin arakesmeleri hem göz öňüne tutulandyr.
Bu sanawyň lideri diýlip dünýäniň üç gezek çempiony, braziliýaly Aýrton Senna yglan edildi. Ikinji orunda bolsa “Formula-1-iň” ýedi gezeklik çempiony Mihaýel Şumaher, üçünji orunda hem dünýäniň alty gezek çempiony bolan Lýuis Hemiltonyň atlary getirilýär.