Bu smartfony Jeýms Bond baradaky filmiň täze tapgyrynyň düşürilýän mahaly ýüze çykarypdyrlar.
HMD Global kompaniýasy häzirki wagtda şu ýyl köpçülige ýetirmegi maksat edinip, birnäçe görnüşli “Nokia” smartfonlaryny döretmegiň üstünde işleýär. Olaryň esasylarynyň biri hem Jeýms Bonduň filminde ýüze çykarylan “Nokia 7.3” smartfon kysymy bolar.
Jeýms Bond baradaky filmleriň resmi hyzmatdaşy bolup durýan “Nokia Mobile” kompaniýasy özüniň täze önümçiligini ýola goýjak “Nokia 8.3” 5G smartfonunyň Jeýms Bond baradaky täze surata düşürilýän filmiň köp ýerinde görkeziljekdigini aýdýar. Şeýle-de filmde kompaniýanyň amatly smartfony bolan “Nokia 5.3” kysmynyň görkezilmegine garaşylýar.
Nokiamob-yň habar berişi ýaly, täsin üçünji smartfon surata düşüriliş meýdançasyna şazada Çarlzyň baran mahaly mälim edilipdir. Nokia Anew-iň insaýderiniň aýtmagyna görä, gürrüň bu ýerde “Nokia 7.3” smartfony barada barýar. Bu smartfonyň öňki prototipidigine garamazdan, onuň dizaýny doly görnüşdedir.
Käbir maglumatlara laýyklykda, “Nokia 7.3” smartfony Full HD+ ölçegdäki 6,3 dýuýmlyk displeý, bir kristally Snapdragon 690 ulgamy, 64 megapiksel durulyk ölçegindäki esasy geçirijili kamera, 24 megapiksellik öňki kamera bilen, şeýle hem 18 Wt kuwwatlygy bolan 4000mA/sag sygymly çalt zarýad alýan batareýa biloen üpjün ediler.