Koronawirus pandemiýasynyň giň gerimli ýaýramagy netijesinde goňşy Özbegistan respublikasynda mekdepleriň we çagalar baglarynyň işi togtadylypdy. Ýöne soňky maglumatlara görä, ýurtda pandemiýa garşy göreş çäreleriniň güýçli depginler bilen alnyp barylmagy netijesinde koronawirus ýagdaýy biraz gowulaşdy. Şol sebäpli hem mekdep we çagalar baglarynyň işiniň başlamagy mümkinligi hakynda respublikanyň koronawirusa garşy göreşmek boýunça ştabynyň agzasy Rustam Ikramow habar berdi.
Ikramowyň sözlerine görä, mekdep we çagalar baglarynyň epidemiologik düzgünler berjaý etmek boýunça işler alnyp barylýar. Ştab agzasy mekdepleri jemgyýetçilik durmuşyna gaýtarmak zerurlygyny we binalarda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak gerekligini belledi.
Ýene-de ol sözüne goşmaça hökmünde şulary belledi: “Häzirki wagtda mekdebe çenli bilim edaralary we Halk bilimi ministrligi bilen bile mekdep hem-de çagalar baglary üçin epidemiologik kadalar işlenilip düzülýär. Kabul edilen düzgünleriň sanawy Adalat ministrligi tarapyndan hukuk ýagdaýy gözden geçirilýär. Ýörite hünärmenler tarapyndan öwrenilenden soň mekdepleriň açylmagyna garaşylýar.