“Apple” kompaniýasynyň “Iphone 11-i” dünýäniň iň köp satylýan smartfon kysymyna öwrüldi. Bu barada “Народные новости” internet saýty habar berýär. Bu smartfon kysymy häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda, esasan hem, ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarynda satuw netijesi boýunça öňdeligi saklaýar. Şeýlelikde, “Iphone 11” smartfonunyň ABŞ-daky satuwy umumylykda 16%-e, bu gadjetiň Hytaý tehnologik bazaryndaky satuwy bolsa 4%-e barabar boldy. Bu bolsa onuň öz gezeginde “Oppo A8”, “Honor 9X” we “Vivo Y3” ýaly hytaý smartfonlaryny yzda galdyrandygyny görkezýär. Bu meşhur brend diňe Günorta Koreýanyň bazarynda iň köp satuw derejesini saklap bilmedi. Ol bolsa bu ýurtda “Samsung” kompaniýasynyň önümleriniň has köp derejede satylýandygynyň netijesinde şeýledir. Ýurduň TOP- 5 ýörgünli smartfonunyň ählisi hem bu kompaniýanyň önümi bolup durýar. Fransiýada hem “Iphone 11” smartfony diňe “Samsung Galaxy A51-den” satuwy boýunça pesde gelýär. Hindistanda bolsa bu ýokary görkeziji “Xiaomi” kompaniýasynyň “Redmi Note 8” we “Redmi 8” smartfonlaryna degişlidir. Olaryň satuwy ýurt boýunça umumy hasap boýunça 14%-e deň boldy.
Iň köp satylan smartfon
