Futbol äleminde gyzyklanarly wakalaryň biri parižliler gorag çyzygyny
güýçlendirmek isleýärler. Şeýle kararyň netijesinde “Leýpsigde” birnäçe ýyldan
bäri çykyş edip gelýän Nordi Mukiele öz işini PSJ-da dowam etdirmegi mümkin.
Bu barada fransuz metbugaty habar ýaýradýar.
Bellenerli tarapy, parižliler “Leýpsigiň” oýunçysynyň transferi boýunça teklip
girizmäge taýýarlar. PSJ transferler möwsümi tamamlanýança goragçyny öz topar
düzümine girizmäge çalyşýar.
Mukiele tamamlanan möwsüm Bundesliganyň çäginde 25 sany oýunda
meýdança çykdy. Ol şol oýunlaryň jemi boýunça 3 gol saldy we 3 gola bolsa assist
boldy. Bu bolsa onuň ýokary görkezijilere eýedigini subut edýär.