Oksford uniowersitetiniň alymlary ary balynyň antibiotik täsirinde dümewe
hem-de bokurdakdaky beýleki agyrylara garşy täsirini öwrendiler.
Hünärmenler özleriniň bu barlag işlerinde dürli ýaşdaky 1761 sany adamyň
gatnaşmagynda 14 sany klinik barlag synaglaryny geçirip gördüler. Netijede ary
balyny lukmançylyk maksady bilen peýdalanýan adamyň bokurdakda döreýän
dümew, üsgülewük ýaly keselleriniň adaty ýagdaýdan bir-iki gün ir sagalýanlygy
ýüze çykaryldy. Şeýle-de çagalarda we uly ýaşlylarda bu usulda goşmaça hiç hili
zadyň ulanylmagynyň zerury däldigi subut edildi.
Ary balynyň beýleki serişdelere garanyňda täsirliligi barlaglarda üç punkt
esasynda barlandy: çalt täsiri we agyrlygy hem-de sowuklamanyň umumy
simptomy. Sowuklamanyň alamatyny ýok etmekde ary baly ähli punkt esasynda
hem iň täsirli serişde hökmünde görkezildi.
Metaanilizi geçiren hünärmenleriň sözlerine görä, ýokarda bellenip geçilen
aýratynlyklar ary balynyň beýleki serişdeler bilen özara tapawudyny
häsiýetlendirýän doly maglumatlar bolup durýar. Bu barada “BMJ Journals” neşiri
maglumatlary ýetirýär.
Barlaglardan görnüşi ýaly erkeklere garanyňda sowuklamanyň bejergi
döwründe aýallar ary balyndan daşary hem goşmaça serişdeleri 2-3 esse köp
ulanýarlar.

Arslanbek ROZYKULYÝEW,

S. A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Agranomçylyk hünäriniň talyby.