Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropadaky ofisiniň mälim
etmegine görä, gurama Russiýada ýakynda hasaba alnan COVID-19 waksinasy
hakynda köpräk maglumata eýe bolmak üçin Moskwa bilen gepleşikleri başlady.
Geçen hepdede Russiýa koronawirusa garşy waksinasy hasaba alnan ilkinji
döwlet boldy. Bu barada ýurduň prezidenti Wladimir Putin yglan etdi. Ýöne
ruslaryň waksinasy häli synaglaryň ahyrky üçünji tapgyrynda geçenok.
Adatça, synaglaryň edil şu tapgyrynda waksina köpsanly adamlarda barlanýar
we şundan soň oňa lisenziýa berilýär. Ruslar özleriniň waksinalary adam
organizminde COVID-19-a garşy uzak möhletli immunitet emele getirjekdigini
aýdýarlar. Emma bu gürrüňler häli tassyklanmadyk hasaplanýar.
BSGG-niň ýewropadaky bölüminiň resmi wekillerinden biri Katerina
Smolwudyň mälim etmegine görä, BSGG Russiýa bilen dogrydan-dogry
gepleşiklere başlady. Guramanyň hünärmenleri waksinany bahalandyrmak
boýunça maglumatlary ruslara bermekçi.
Alymlaryň pikirlerine görä, täze döredilýän waksinalaryň peýdalylygyny
anyklamagyň ýekeje ýoly olary on müňläp adamlarda synag edip görmekdir.
Häzirde Russiýadan daşary ýene-de iki ýurt öz waksinalarynyň soňky tapgyrdaky
synaglaryny başladylar.