Hindistanda 19-njy awgust güni koronawirus bilen näsaglamak boýunça
günlük rekord täzelendi.
Çarşenbe güni bu ýurtda 69 652 adama COVID-19 netijesi goýlupdyr.
Hindistan Saglygy Goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, edil şu wagtlar
koronawirus ýokuşan adamlaryň sany 2,84 milliona ýetdi.
Şeýle-de, Hindistanda geçen bir günüň dowamynda 977 adam
koronawirusdan aradan çykdy. Şonuň bilen gurban bolanlaryň umumy sany 53 866
adama ýetdi.
Häzirki wagtda Hindistan koronawirus ýokuşanlaryň sany boýunça aziýa
yklymynda birinji, dünýä boýunça bolsa ABŞ we Braziliýadan soňra üçünji orunda
dur.