Häzirki wagtda Belarussiýada prezidentlik saýlawlary sebäpli bitertiplikler
ýüze çykýanlygyndan habaryňyz bardyr. Belarus halky özüniň 26 ýyllyk
ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenkonyň hökümetden gitmegini isleýärler.
Lukaşenkonyň esasy garşydaşy hasaplanýan Swetlana Tihanowskaýa
saýlawlardan soňra maşgalasynyň howpsuzlygyndan aladalanyp belarussiýany terk
edipdi. Ýöne Tihanowskaýa Litwadan wideo ýüztutmalar bilen halky hökümete
garşy çykyşlary dowam etdirmäge çagyrýar. Öňki iňlis dili mugallymy
Tihanowskaýa özi ugradan ýüz tutmalarynyň birinde Belarussiýany dolandyrmaga
taýýardygyny mälim etdi. Bu barada “reuters.com” habar berýär.
Häzirki wagta çenli dünýäniň birnäçe ýurtlary Belarussiýadaky prezidentlik
saýlawlaryň netijelerini tassyklamadylar. Olaryň hatarynda ABŞ hem bar.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Aleksandr Lukaşenko birnäçe gün öň
halkyň öňünde eden çykyşynda täze saýlawlaryň geçirilmezligini belläpdi. Ol
konstitusiýa özgertmeler girizmek boýunça referendum geçirilenden soň hökümeti
terk etmeginiň mümkindigini aýtdy.