Germaniýadaky waksinalary tertibe salyp durýan organyň ýolbaşçysy Klaus
Siçutekiň aýtmagyna görä, ýurtda koronawirusa garşy sanjymlar indiki ýylyň
başynda başlamagy mümkin.
Häzirki wagtda dünýäde koronawirusdan ýogalanlaryň sany takmynan
800 000- e ýetdi. Şeýlede pandemiýa dünýä ykdysadyýetine gaty uly zyýan ýetirdi.
Pol Erlih Institutynyň ýolbaşçysy Klaus Siçutegiň sňzlerine görä,
Germaniýada döredilýän käbir waksinalaryň synaglarynyň birinji we ikinji tapgyry
üstünlikli tamamlandy.
Soňky hepdelerde Germaniýada koronawirus bilen näsaglamak ýagdaýlary
köpeldi. Robert Koh Institutynyň maglumatlaryna görä, Germaniýada 19-njy
awgusta gelip koronawirus ýokuşanlaryň sany 226 914-e ýetdi.
Dünýäde waksina işläp taýýarlaýan birnäçe kompaniýalar esasan hem,
Moderna, AstraZeneca we Pfizer Inc her ýyly 1 milliard dozada waksina işläp
taýýarlamagy meýilleşdirýändigini mälim edipdiler. Germaniýanyň biotehnologiýa
kompaniýasy CureVac özüniň ýokary derejeli waksinasynyň tizlik bilen
makullanmagyna garaşýar. Aýdylmagyna görä, bu waksina 2021-nji ýylyň
ortalarynda taýýar bolar.
Russiýa bolsa özüniň waksinasy şu ýylyň ahyryna çenli köpçülige
tanyşdyryljakdygyny aýdýar.