Koronawirus sebäpli halkara gatnawlaryny togtadan we käbir ýurtara howa
ganawlaryny 11-nji iýunda täzeden başlan Türk Howaýollary awiakompaniýasy
sentýabr aýynda täze uçuş meýilnamasyny yglan etdi, diýip Daily Sabah habar
berýär.
Kompaniýa 16-njy awgustda beren beýanynda "milli we halkara saglygy
goraýyş edaralary bilen oýlanyşykly işleriň netijesinde " indiki aý üçin meýilnama
barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Beýannamada bu kyn döwürde meýilnama düzmek kynlygy we uçuşlaryň
togtadylmagy hökümetleriň kararlaryna baglydygy sebäpli müşderilere çeýe
syýahat mümkinçilikleriniň hödürlenjekdigi bellenilýär. Şonuň üçin müşderilere
21-nji martdan 31-nji awgust aralygynda satyn alnan biletleri çalyşmak üçin çäksiz
mümkinçilikler hödürlenilýär.
Kompaniýa 1-nji sentýabrdan Aşgabada (Türkmenistan) uçuşlary bilen
birlikde Eýrana (Tähran, Töwriz, Şiraz we Maşat), Kanada (Wankuwer);
Madagaskara (Antananariwu); Estoniýa (Tallinn), Latwiýa (Riga), Gruziýa
(Batumi we Tbilisi); Wýetnama (Hanoý we Hoşimin şäheri); Saud Arabystanyna
(Dammam we Riýad); Alžire( Konstantin we Oran); Owganystana (Mazar-i-Şerif);
Russiýa (Krasnodar, Soçi we Kazan); Yrak (Süleýmaniýa); Hindistana (Mumbay
we Nýu-Deli); Bahreýne, Iordaniýa (Amman); Litwa (Wilnius); Mongoliýa (Ulan
Bator), Gresiýa (Saloniki); Marokko (Marakeş); Omana (Muskat); Nigeriýa
(Abuja, Lagos); Günorta Afrika (Keýptaun, Ýohannesburg we Durban) we
Birleşen Arap Emirliklerine (Abu Dabi) uçuşlaryny dowam etdirmegiň
meýilleşdirilendigini habar berdi.
BAŞ SAHYPA: Syýahatçylyk «Türkhowaýollary» 1-nji sentýabrdan Türkmenistana gatnawlary başlamagy meýilleşdirýär
«Türkhowaýollary» 1-nji sentýabrdan Türkmenistana gatnawlary başlamagy meýilleşdirýär
