20-nji awgustda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen
Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt
boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we
ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň,
Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň
saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar, onuň dowamynda Merkezi
Aziýada COVID-19 pandemiýasy döwründe çagalara talabalaýyk lukmançylyk
hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň meseleleri we bu ugurdaky tejribeleriň
alyşylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň açylyşynda ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary
boýunça sebitleýin direktory Afşan Han, BSGG-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň
saglygyny goramak boýunça maksatnamasynyň sebitleýin menejeri Martin Weber
hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň
orunbasary Ç.Agamyradow dagylar çykyş etdiler.
Maslahatyň barşynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak
ulgamynyň hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry lukmançylyk
kömegini bermegiň global, sebit hem-de ýurt boýunça toplanan tejribeleri
dogrusynda pikir alyşdylar. Olar hususan-da, täze koronawirus ýokançly çagalaryň,
şol sanda hroniki keselleri bolan çagalaryň epidemiologiýasyna we kliniki taýdan
ugrukdyrylyşyna, esasy hyzmatlary bermegiň üznüksizligine, çagalar we
ýetginjekler üçin izolýasiýanyň netijelerine, pandemiýadan soňra kadaly
lukmançylyga geçilişine we mekdeplerde hem-de lukmançylyk edaralarynda
iýmitlenmek bilen bagly bolan meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berdiler.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Pandemiýa döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahat geçirildi
Pandemiýa döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahat geçirildi
