Türkmenistanda täze okuw ýyly, garaşylyşy ýaly, 1-nji sentýabrda
başlar. Şeýle-de bolsa, ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak göz öňünde tutulyp,
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky buýrugy
bilen tassyklanan tertipnamada öz beýanyny tapýan täze düzgünler girizildi.
Aşgabat şäher bilim müdirliginde habar berlişi ýaly, mekdep ýolbaşçylary
şulara borçlanýar:
Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş edaralary bilen şertnama
esasynda işleýän bilim edaralary sanitariýa, arassaçylyk we dezinfeksiýa işlerini
okuw ýylyndan öň we ol dowam edýärkä, hepdede bir gezek yzygiderli geçirmeli;
Binalara girýän okuwçylaryň, talyplaryň we her bir bilim işgäriniň bedeniniň
gyzgynlygy ölçenilmeli, olaryň elleri ýörite serişdeler arkaly
zyýansyzlandyrylmaly. Munuň üçin nobatçy mugallymlary bellemeli;
Sapaklardan öň we soň, uly arakesmelerde synp otaglarynda we eýwanlarda
üzärlik tütetmeli;
Her ýarym günlük okuwdan soňra binalar zyýansyzlandyrylmaly;
keseliň alamatlary ýüze çykarylsa, her mekdepde izolýasiýa üçin ýörite
otaglar bolmaly.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Türkmenistanyň bilim edaralarynda wagtlýyn öňüni alyş çäreleri girizilýär
Türkmenistanyň bilim edaralarynda wagtlýyn öňüni alyş çäreleri girizilýär
