Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn
hökmany çäreleri girizmegiň tertibi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň
Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Buýrugynda nygtalyşy ýaly,
Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda ýurtda
möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek,
raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle
hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji
ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine
ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany
çäreleri girizmek bellenildi.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça hökmany çäreler girizildi — Adalat ministrligi
Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça hökmany çäreler girizildi — Adalat ministrligi
