Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda toparlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasynyñ geçirilmegine garaşylýar.
Bu abraýly ýaryşa Türkmenistanyň adyndan 2019-njy ýylda futzal boýunça ýurdumyzyň çempionatyny ýeňiş bilen tamamlan “Köpetdag” toparynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.
Futzal boýunça Aziýanyň Çempionlar ligasynyň jemleýji bäsleşigini BAE-niň Dubaý şäherinde şu ýylyň dekabr aýynda geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Futzal boýunça Aziýanyň Çempionlar ligasynyň iň soňkusy 2019-njy ýylda Bangkok şäherinde geçirilip, onda Ýaponiýanyň “Nagoya Oceans” topary ýeňiş gazanypdy.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda dowam edýän ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynda birinji ýarymyň oýunlary geçirildi. Onda 31 utuk toplan Mergen Orazowyň tälim berýän “Köpetdag” topary öňdäki orny eýeleýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Malaýziýada futzal boýunça Aziýanyň Çempionlar ligasynyň bijeleri çekiler
Malaýziýada futzal boýunça Aziýanyň Çempionlar ligasynyň bijeleri çekiler
