24-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly wezipeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly wakalara gabatlanylyp dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny, aýratyn-da, maldarçylyk pudagyny mundan buýana hem okgunly ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, hususan-da, mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak işini talabalaýyk ýola goýmakda kemçiliklere ýol berilýändigi üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň alyp barýan işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de möhüm maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri çözmäge aýratyn jogapkärli çemeleşmegi we degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Milli Liderimiz täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.