«Halkbank» döwlet täjirçilik banky «Halkbank terminal» täze mobil ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görýär.
Bu ulgam ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. «Halkbank terminalynyň» ulanyşa girizilmegi bilen, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ulanylýan töleg terminallarynyň ornuna degişli amallary sanly ulgamda amala aşyrmaga ukyply bolan programma üpjünçiligini ykjam telefonlara ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Täze ulgamyň girizilmegi karz edaralary tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň töleg terminal enjamy bilen üpjün etmek, onuň abatlaýyş işleri ýaly, şeýle hem döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalara, telekeçilere degişli terminalyň işjeňligi üçin zerur bolan goşmaça çykdajylaryny aradan aýyrmaga ýardam eder. Munuň özi töleg terminalynda häzirki günde hereket edýän ähli amal görnüşlerini sanly ulgamda amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
«Halkbank» DTB täze mobil ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görýär
