Waksina koronawirusy ýok edip bilmeýär – bu pikiri ileri süren Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy haçanda ähli adamlar wirusdan özüni goramak düzgünlerini birsyhly berjaý etse pandemiýany togtatmak mümkinligini belledi. Bu barada “Le HuffPost” portaly habar berdi.
Gurama ýewropada hökümetiň taýýarlygyny we bilimleriň ýokarylygy sebäpli jemgyýetde çäklendirmeleri ornaşdyrmazdan hem koronawirusa gözegçilik etmek mümkinçiligini barlygy bilen tapawutlanýandygyny aýtdy. Ýöne munuň üçin adamlaryň hem taýýar bolmagy gerek. Bu barada BSGG-niň ýewropa bölüminiň müdiri Klaus Hinge şeýle diýýär: “Wirusdan goranmak boýunça ähli adamlar berjaý edilmeli düzgünleri ýerine ýetirmeseler, birje waksina bilen biz koronawirusdan doly azat bolup bilmeris”.
Hinge möwsümleýin dümew keseliniň ýakynlaşýandygyny hem duýdurdy. Şeýle halatyň ýüze çykmagy onsuz hem bar ünsüni koronawirusy ýeňmäge sarp edýän lukmanlara goşmaça alada ýüze çykarýar. Bulardan baş alyp çykmak bolsa bilelikdäki tagallalaryň öz wagtynda netije bermegi bilen aradan aýrylar.
BSGG: «Hatda waksina hem koronawirusy ýok edip bilmez»
